Penje operasiýasynyň çäginde alty terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda dowam etdirilýän Penje operasiýasynyň çäginde ýene-de 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1213683
Penje operasiýasynyň çäginde alty terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Penje operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär.

Operasiýanyň çäginde ýene-de 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelik bilen Penje operasiýasynyň başlan gününden bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 40-a ýetdi.

Mundan başgada Zap sebitinde hem 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar