Hulusi Akar “Penje” operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Penje operasiýasynyň sebitdäki iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam etjekdigini beýan etdi

1213936
Hulusi Akar “Penje” operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler, Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar, Harby-deňiz flotynyň serkerdesi Adnan Özbal we Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüz bilen bilelikde Penje operasiýasynyň geçirilýän ýerinde gözegçilik işlerini geçirmek üçin Büýüktoprakly bazasyna bardy.

Hulusi Akar, ol ýerde Hakurk sebitini görýän bazada alynyp barylýan işler barada maglumat aldy.

Akar ol ýerde eden çykyşynda: “Penje operasiýamyz dowam edýär. Penje operasiýasy bilen terrorçylaryň ähli hinleri saplanar. Ol ýerde iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli ol sebitden çykmarys. Ol ýerleri terrorçylardan arassalarys” diýip belledi.

Hulusi Akar, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň milletiň özygtyýarlyk, garaşsyzlyk we howpsyzlygy üçin özüne berilen wezipäni iň gowy ýagdaýda ýerine ýetirmek üçin tagalla edýändigini nygtady.



Degişli Habarlar