Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen ekstremist terror guramasy PKK terrorçylarynyň arasynda bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 1 esger ýaralandy

1213316
Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

Alynan maglumata görä Tunjeli welaýat Žandarm serkerdeligine degişli güýçler Owajyk etrabynyň çetki obalarynda terror guramasynyňa agzalaryna garşy operasiýa başlatdy.

Operasiýanyň çäginde barlag we gözegçilik işlerini alyp barýan howpsyzlyk güýçleri terrorçy topary bilen çaknyşdy.

Çaknyşykda 2 esger ýaralandy.

Harby dik uçar bilen Tunjeli döwlet hassahanasyna getirilip bejergi astyna alynan ýaraly esgerlerden biri halas edilip bilinmedi.

Saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berilen beýleki esger dik uçar bilen Elazyg Fyrat uniwersitetiniň hassahanasyna ugradyldy.

Tunjeliniň gubernatory Tunjaý Sonel we Tunjeli Žandarm sebit serkerdesi general Wedat Çolak hassahana baryp, ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Etrapda operasiýanyň dowam edýändigi habar berilýär.

Gubernatorlykdan berilen beýannamada bolsa Owajyk etrabynyň çetki obalarynda terrorçylara garşy Welaýat Žandarm serkerdeligi tarapyndan operasiýa başladylandygy beýan edildi.

Beýannamada şäherde terrorçylaryň tapylmagy we täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin operasiýanyň egilşiksiz we gaýduwsyzlyk bilen dowam etdirilýändigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar