“Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi

1211701
“Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”

 

Prezidentiň kompleksinde geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi.

Jarnamada, Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Yragyň demirgazygyna ornaşan ekstremist terror guramasy PKK-a garşy başladylan “Penje” operasiýasynyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Jarnamada “Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy geçmişde bolşy ýaly egilşiksiz göreşini dowam etdirjekdigi” nygtaldy

Jarnamada, Türk ýaragly güýçleriniň iş alyp barýan ýeri bolan Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýaşaýan asuda ilata garşy Siriýanyň hökümeti tarapyndan guralýan hüjümleriň, Idlib ylalaşygyna we Astana etabyna bap gelmeýändigi bellenildi

Jarnamada şeýle hem täze göç tolkunynyň we gumanitar pajyganyň öňüniň alynmagy maksady bilen degişli ýurtlar bilen gepleşik geçirilýändigi ýatladyldy.

Jarnamada Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Kipr adasynda we töwereklerinde başdan geçirilýän wakalaryň seljerlendigi ýatladyldy

 

 

 



Degişli Habarlar