Yragyň Prezidenti Salih Türkiýede saparda boldy

Prezident Erdogan myhman kärdeşi Berham Salihiň hormatyna agzaçar berdi

1210077
Yragyň Prezidenti Salih Türkiýede saparda boldy

Prezident R. T. Erdogan iş sapary bilen düýn agşam Stambula gelen Yragyň Prezidenti Berham Salih bilen duşuşdy.

Wahdettin köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk hasiýetinde geçirildi.

1 sagada golaý dowam eden duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan myhman kärdeşi Berham Salihiň hormatyna agzaçar berdi.

Agzaçara Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogan bilen Yragyň Prezidenti Salihiň aýaşy Sarbagh Salih hem gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar