Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, dünýäde ähli zadyň çalt özgerýändigini, Ýewropa Bileleşigi, BMG, Ýewropa Geňeşi ýaly guramalaryň şol özgerişleriň yzynda galýandygyny belledi

1199587
Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Antalýanyň Alanýa etrabyna baran Mewlüt Çawuşogly, Söwda we senagat palatasynyň Oba etrabynda beren agzaçar programmasyna gatnaşdy.

Ol ýerdäki çykyşynda Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynyň barha artýandygyny aýdan Çawuşogly, 2023-nji ýyl syýahatçylyk maksatnamasyny 50 million syýahatçy, 50 milliard dollar girdejiden 70 million syýahatçy, 70 milliard girdeji edip üýtgedendiklerini habar berdi.

Ministr Çawuşogly, dünýäde ähli zadyň çalt özgerýändigini, Ýewropa Bileleşigi, BMG, Ýewropa Geňeşi ýaly guramalaryň şol özgerişleriň yzynda galýandygyny belledi.

“Biz bilen deň derejede gepleşikler geçirmek isleýän islendik tarap bilen oturyp , ähli zady gürleşip bileris, emma ýokarydan seretmek düşünjesini ýalňyş görýäris” diýen Çawuşogly: “Ençeme ýurt bar. Hemişe beýleki ýurtlary tankyt eder, beýleki ýurtlaryň kemçiliklerini gözlär, emma öz kemçiliklerini aýdan mahalyň göwünlerine ýaramaz. Öwrenişmändirler, emma öwrenişdireris, öwrenişerler sebäbi standartlarda, ykdysadyýetde tapawutlylyklar bolup biler, emma halkara arenada her kim deňdir” diýdi.



Degişli Habarlar