Ygdyrda guralan terrorçylykly hüjümde 1 esger şehit boldy
Terrorçylara garşy başladylan operasiýa dowam edýär
1198697
Türkiýe-Eýran serhedinde ýerleşýän Ygdyryň Diluju etrapçasynda guralan terrorçylykly hüjümde 1 esger şehit boldy, 1 esger ýaralandy.
Howpsyzlyk güýçlerinden berlen beýanata görä, ertiriň irki sagatlarynda terrorçylar tarapyndan serhet ýakasynda ýerleşýän Diluju etrapçasynda esgerlere garşy guralan hüjümde elde ýasalan partlaýjy maddasynyň ulanylandygy nygtaldy.
Hüjümde ýaralanan 2 esgerden biri şehit boldy.
Ýaralanan beýleki esger bolsa Ygdyr hassahanasynda bejergi astyna alyndy.
Etrapçada terrorçylara garşy başladylan operasiýa dowam edýär
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.