Şyrnakda 1 esger şehit boldy

Gabar dagy etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýa geçirildi

1196232
Şyrnakda 1 esger şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Gabar dagy etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirlen operasiýada 1 esger şehit boldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, düýn agşam Gabar dagy etrapçasynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada terrorçylar bilen çaknyşyk boldy

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger agyr ýaralandy

Dikuçar bilen Şyrnak hassahanasyna getirlen esger halas edilip bilinmedi.

Operasiýada PKK-ly 1 terrorçynyň hem täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy

Terrorçylara garşy operasiýalar dowam edýär

 



Degişli Habarlar