Türkiýäniň Prezidenti NATO-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi kabul etdi

1196084
Türkiýäniň Prezidenti NATO-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

NATO maslahaty üçin Ankara gelen Stoltenberg, Çankaýa köşgünde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi. 

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk 1 sagat dowam etdi. 

Kabul edilşige Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, TBMM-niň NATO PA Türk delegasiýasynyň başlygy Osman Aşkyn Bak bilen Prezidentiň Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun gatnaşdy. 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg kabul edilşikden ozal bolsa Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçiripdi. 

 



Degişli Habarlar