"Türk Akymy taslamasynyň Bosniýa-Gersogowina ýetirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bereris"

Dodik “Türk Akymy taslamasynyň Bosniýa-Gersogowina ýetirilmegi biziň üçin diýseň möhüm” diýdi

1194195
"Türk Akymy taslamasynyň Bosniýa-Gersogowina ýetirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bereris"

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň Türk Akymy taslamasynyň Bosniýa-Gersogowina ýetirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidiumynyň başlygy Milorad Dodik we Prezidiumyň agzasy Şefik Jaferowiç özara we topara gepleşiklerden soň Prezidentiň kompleksinde metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Özara we toparara gepleşiklerde baglaşylan, Erkin söwda şertnamasy, söwda mukdarynyň 1 milliard dollara ýetirilmegine uly goşant goşar. Saraýewo-Belgrad ulag ýoly taslamasynyň hem Bosniýa-Gersogowinanyň durnuklylygyna goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Energetika, goranyş senagaty, syýahatçylyk, oba hojalyk we maldarçylyk pudaklarynda durmuşa geçiriljek işleri hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Erdogan “Esasan Türk Akymy taslamasynyň Bosniýa-Gersogowina ýetirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bereris” diýdi

Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidiumynyň başlygy Milorad Dodik bolsa Türkiýäniň Bosniýa-Gersogowinanyň NATO agzaly ýaly birnäçe meselede uly goldaw berýändigini nygtady.

Dodik “Türk Akymy taslamasynyň Bosniýa-Gersogowina ýetirilmegi biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

 



Degişli Habarlar