Hulusi Akar, Jeýms Jeffri bilen duşuşdy

Türkiýe, ABŞ bilen Siriýada ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky Manbiji we Ýewfrat derýasynyň gündogaryny maslahatlaşdy

1193475
Hulusi Akar, Jeýms Jeffri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri bilen duşuşyk geçirdi.

Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ministr Akaryň, ABŞ-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri bilen Stambulda duşuşandygy mälim edildi.

Beýanatda: “Duşuşykda, Manbij we Ýewfrat derýasynyň gündogary başda bolmak bilen Siriýada soňky wagtlarda başdan geçirilýän wakalar ele alyndy” diýip mälim edildi.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem düýn ABŞ-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri bilen duşuşypdy.

Paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde geçirilen Kalynyň we Jeffriniň ýolbaşçylygyndaky toparara gepleşiklerde, Siriýa bilen bagly wakalar ara alynyp maslahatlaşylypdy.  



Degişli Habarlar