Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

R.T. Erdogan Türkiýäniň 2019-njy ýylyň ilkinji 3 aýynda ýurdyň taryhynyň iň ýokary ilkinji çärýek eksportyny amala aşyrandyklaryny habar berdi

1192892
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde 4-nji Söwda maslahatçylary konferensiýasynda çykyş etdi. 

Erdogan: "2019-njy ýylyň ilkinji 3 aýynda eksportymyz 3,3 göterimlik artdy, importymyz bolsa 21,5 göterim derejesinde azaldy. Soňky 12 aýlyk döwürde eksportymyz 5,5 göterimlik artş bilen 169,1 milliard dollara ýetdi. Saýlaw gurşawyna garamazdan taryhymyzyň iň ýokary ilkinji çärýek eksportyna eýe boldyk" diýdi. 

Türkiýäniň 2018-nji ýylda 168 milliard dollalyk önüm eksprtyna goşmaça ýagdaýda, 48,5 milliard dollarlyk hyzmat eksportyny amala aşyryp möhüm bir üstünlik gazanandygyny aýdan Erdogan: "Indi dünýäniň çar tarapyna diňe önüm satmaýarys. Mundan başgada seriallarymyzy, kino-filmlerimizi, saglygy goraýyş boýunça hyzmatlarymyzy satýarys. Şu günki gün Türkiýe 350 million dollarlyk eksport kuwwady bilen film eksportynda ABŞ-den soň 2-nji orundadyr. Potratçylyk hyzmatlar boýunça dünýäde 2-nji orundadyrys" diýdi. 

Ýylyň ilkinji 2 aýynda syýahatçy sanynda 7,4 göterimlik artyşyň bolandygyny aýdan Erdogan: "Tomus aýlaryň golaýlaşmagy bilen bu sanyň artjakdygyna ynanýarys. Bir tarapdan bolsa işsiz adamlaryň sany azalar. Nesip bolsa 2019-njy ýylda 50 million syýahatçy derejä ýetjekdigimize ynanýaryn" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #serial , #syýahatçy

Degişli Habarlar