Türkiýäniň goranyş çykdajysy soňky 10 ýylda 65 göterim artdy

Türkiýe harby çykdajylaryny 2018-nji ýylda 24 göterim artdyryp 19 milliard dollara ýetirdi

1192072
Türkiýäniň goranyş çykdajysy soňky 10 ýylda 65 göterim artdy

Soňky 10 ýylda goranyş çykdajysyny 65 göterim artdyran Türkiýe, 2018-nji ýylda  goranyş çykdajysyny iň köp artdyran 15 ýurduň arasynda artyşyň mukdary taýdan ilkinji orny eýeledi.

Stokgolm Parahatçylyk instituty “Dünýäde harby çykdajylar 2018” habarnamasyny çap etdi.

Global harby çykdajylar 2018-nji ýylda 1,8 trillion dollara çenli baryp ýetdi.

Dünýäde goranyş çykdajysyny iň köp artdyran ýurtlaryň sanawynda ABŞ, Hytaý, Saud Arabystany, Hindistan we Franssiýa esasy orun eýeleýär

Habarnama görä, ABŞ goranyş çykdajysyny 4,6 göterim artdyryp, goranyş pudagy üçin geçen ýyl 649 million dollar sarp etdi.

Hytaý, ABŞ-dan soň 250 million dollarlyk goranyş çykdajysy bilen ikinji orny eýeledi.

Hindistan bolsa harby çykdajylaryny ady agzalýan döwürde 3,1 göterim artdyrdy.

Muňa garamazdan Saud Arabystany, Fransiýa we Russiýa 2018-nji ýylda goranyş bujetini aşaklatdy.

Saud Arabystany harby çykdajylaryny 6,5, Fransiýa harby çykdajylaryny 1,4 we Russiýa bolsa harby çykdajylaryny 3,5 göterim azaltdy.

Türkiýe harby çykdajylaryny 2018-nji ýylda 2017-nji bilen ýyl bilen deňeşdirilende harby çykdajysyny 24 göterim artdyryp 19 milliard dollara ýetirdi.

Soňky 10 ýylda goranyş bujetini 65 göterim artdyran Türkiýe, 2018-nji ýylda goranyş çykdajysyny iň köp artdyran 15 ýurduň arasynda artyşyn mukdary taýdan ilkinji orny eýeledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar