PKK-nyň tarapdarlary TRT Worldyň Britaniýanyň paýtagty Londondaky merkezine hüjüm gurady

Wakada TRT-nyň işgärlerine we ofise hiç hili zeper ýetirilmedi

1189523
PKK-nyň tarapdarlary TRT Worldyň Britaniýanyň paýtagty Londondaky merkezine hüjüm gurady

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlary TRT Worldyň Britaniýanyň paýtagty Londondaky merkezine hüjüm gurady.

50 adamlyk topar TRT Worldyň Grays Inn Roatdaky merkezine girdi.

Terror guramasynyň ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyň portretleri bilen guramanyň simwoly bolan esgileri göteren topar, 1 sagada golaý TRT Worldyň girelgesinde protestlerini dowam etdirdi.

Terror guramasynyň tarapdarlary iňlis howpsyzlyk güýçleri tarapyndan daşary çykaryldy.

Wakadan soň howpsyzlyk güýçleri binanyň öňünde berk howpsyzlyk çärelerini gördü.

Wakada TRT-nyň işgärlerine we ofise hiç hili zeper ýetirilmedi.

Terror guramasynyň tarapdarlary Ýewropada ozal hem türk iş ýerlerine we metjitlere hüjüm edipdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar