Erdogan Zelenskiýni gutlady

Prezident R.T.Erdogan Ukrainanyň Prezidentligine saýlanan Wladimir Zelenskiýni telefon arkaly gutlady

1189531
Erdogan Zelenskiýni gutlady

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan Ukrainanyň täze Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Zelenskiýni saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Wladimir Zelenskiýniň hepdäniň ahyrynda Ukrainada geçirilen ikinji tapgyr saýlawda sesleriň 73,22 göterimini alandygyny beýan edilipdi.

Bäsdeşi Petro Poroşenko bolsa sesleriň 34,45 götremini alypdy.



Degişli Habarlar