Diýarbakyrda terror guramasy PKK-nyň 9 gaçybatalgasy hatardan çykaryldy
Terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreş dowam eder
Diýarbakyrda geçirlen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-agza terrorçylar tarapyndan gyşky merkez hökmünde ulanylan biri 3 otagly 9 gaçybatalganyň ýeri anyklanyldy we hatardan çykaryldy
Diýarbakyryň Silwan we Hazro etrapçalarynda terror guramasyna garşy operasiýa geçirildi.
Operasiýalarda terrorçylar tarapyndan gyşky merkez hökmünde ulanylan biri 3 otagly 9 gaçybatalganyň ýeri anyklanyldy we hatardan çykaryldy.
Gaçybatalgalarda terrorçylara degişli goşlar tapyldy.
Welaýat häkimligi tarapyndan berlen beýanatda halkyň howpsyzlygynyň we durnuklylygynyň ýola goýulmagy üçin terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.