Prezident Erdogan Şri-Lankada buthanalara we myhmanhanalara guralan hüjümleri ýazgardy

Erdogan “Şri-Lankada Paska baýramynda guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýaryn” diýdi

1187373
Prezident Erdogan Şri-Lankada buthanalara we myhmanhanalara guralan hüjümleri ýazgardy

Prezident R. T. Erdogan Şri-Lankada 185 adamyň ýogalmagyna 500-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan  buthanalara we myhmanhanalara guralan hüjümleri ýazgardy.

Prezident Erdogan Twitter arkaly beren beýanatynda, hüjümleriň tutuş adamzada garşy guralandygyny nygtady.

Erdogan “Şri-Lankada Paska baýramynda guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýaryn” diýdi.

Erdogan “Hüjümlerde ýogalanlaryň hossarlaryna we Şri- Lankanyň halkyna öz adymdan we halkymyň adyndan uly gynanç  bildirýärin. Hyýanatçylykly hüjüm terrora garşy tutanýerli göreşiň alnyp barmalydygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Adamzadyň we halkara parahatçylygyň düşmany bolan terrora garşy göreşde Şri-Lanka goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar