Yrak serhedinde 4 türk esger şehit boldy

Türkiýe-Yrak serhedinde dowam edýän operasiýalaryň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 4 esger şehit boldy, 6 esger ýaralandy

1186927
Yrak serhedinde 4 türk esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Türkiýe-Yrak serhet liniýasynda dowam edýän operasiýalaryň çäginde düýn terrorçylar bilen çaknyşygyň ýüze çykandygy habar berildi.

Çaknyşykda 4 esgeriň şehit bolandygy, 6 esgeriň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, 4 şehidiň 2-siniň ýaraly ýagdaýda alynyp gidilen hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi beýan edildi.

Terrorçylaryň howa hüjümleri we sebitdäki toplar bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygy aýdylýan beýanatda, sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi aýan edildi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #Yrak , #serhet , #şehit

Degişli Habarlar