Yrak serhedinde 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýe-Yrak serhedindäki howpsyzlyk güýçleri tarapyndan dowam etdirilýän operasiýalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza azyndan 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1187162
Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda, Zap terror bazasynyň golaýynda ýerleşýän Türkiýäniň Seriberi serhet birikmesinde ýüze çykan çaknyşykda 4 esgeriň şehit bolandygy we 6 esgeriň ýaralanandygy mälim edildi.
Beýanatda: "Sebitdäki harby birikmelerimiz tarapyndan çaknyşygyň başlan pursadyndan başlap, irdene çenli gahrymanlarça alyp baran operasiýalarynyň netijesinde azyndan 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi we gahryman esgerlerimiziň gany ýerde galmadan, arlary alyndy" diýip nygtaldy.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.