Ministr Akar we serkerdeler serhet zolagynda

Türkiýäniň Milli goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler we Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar bilen bilelikde serhet liniýasyna bardy

1187133
Ministr Akar we serkerdeler serhet zolagynda

Ministr Akar, Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler we Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar bilen bilelikde serhet birikmelerinde gözegçilik geçirmek üçin Hakkari welaýatyna bardylar. 

Sebitde geçirilýän terrora garşy operasiýalar barada maglumat alan, birnäçe görkezme beren ministr Akar, Türkiýe-Yrak serhedinde düýn gije ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen ýüze çykan we 4 esgeriň şehit bolmagy, 6 esgeriň ýaralanmagy bilen bagly maglumat aldy. 

 

 


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #serhet , #serkerde

Degişli Habarlar