Milli Goranmak ministri Akar, BŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Şanahan bilen duşuşdy

Duşuşykda Siriýada soňky döwürde başdan geçirilýän wakalar bilen özara gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

1184723
Milli Goranmak ministri Akar,  BŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Şanahan bilen duşuşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-na guraýan iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şanahan bilen duşuşdy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Pentagonda bolan duşuşykda Siriýada soňky döwürde başdan geçirilýän wakalar bilen özara gatnaşyklar,  halkara howpsyzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Akar tarapyndan Siriýada döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak, Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň alynmagy, F-35 uçarlary we Gündogar Ortaýer deňzinde başdan geçirilýän wakalar seljerildi.

Duşuşykda, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäginde özara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň, sebitiň we dünýäniň durnuklylygy we howpsyzlygy taýdan möhümdigi nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar