Preziden Erdogan terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäni terror koridory bilen dyza çökertmek islänlere garşy örän ýakyn wagtda düşünjek dillerinde jogabyň beriljekdigini habar berdi

1180862
Preziden Erdogan terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Erdogan, Gölbaşy Ýöriteleşdirilen operasiýa bölümi gullugynda Türkiýäniň Polisiýa gullugynyň döredilen gününiň 174 ýyllygy we Ýöriteleşdirilen operasiýa bölüminiň täze açylan binasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Çykyşynda, terrora garşy göreşiň üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Milletimizi biri-birine garşy agzala etmek isleýänler, etmedik oýunlary galmady. Harby agdarlyşyk synanyşyklaryndan hem netije alyp bilmediler. Türkiýäni terror koridory bilen dyza çökertmek islänlere garşy eden ädimlerimiz bilen munyň mümkin bolmajakdygyny görkezdik" diýdi. 

Rejep Taýýip Erdogan: "Entegem şol ssenarini etmek isleýänlere garşy örän ýakyn wagtda düşünjek dillerinde jogap beriler" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #terror koridory

Degişli Habarlar