PKK-ly terrorçylaryň guran hüjüminde bir esger şehit boldy
Siriýada Zeýtun şahajygy operasiýasynyň geçirilen sebitinde 31-nji martda ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylaryň hüjüminde ýaralanan 1 esger, bejergi alýan hassahanasynda ýogaldy
Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Zeýtun şahajygy operasiýasynyň geçirilen sebitinde 31-nji martda ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylaryň hüjüminde ýaralanan 1 esgeriň bejergi alýan hassahanasynda edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi mälim edildi.
Beýanatda: “Bizi çuňňur gynandyran we ýasa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, hasrata düşen maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik türk milletine gynanç we sabyr dileýäris” diýip bellendi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.