Boliwiýanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapar gurar

Boliwiýanyň köp milletli Döwlet baştutany Morales Ewo, Türkiýä resmi sapar gurar

1179499
Boliwiýanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapar gurar

Morales Ewo, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda şu gün resmi sapar bilen Ankara geler.

Prezident Diwanynyň Aragatnaşyk bölüminden berilen beýanata görä, Boliwiýadan Türkiýä Prezident derejesinde guraljak ilkinji saparda, Türkiýe-Boliwiýa arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alynyp maslahatlaşylar.

Duşuşykda, mundan başgada Günorta Amerika we Karip döwletleri jemgyýetiniň döwürleýin başlygy Boliwiýa bilen sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #Boliwiýa , #Prezident , #sapar

Degişli Habarlar