Türkiýe Mozambige ynsanperwer kömegini dowam etdirýär

Mozambikde uly ýitgä sebäp bolan Idai tupanyndan soň dikeldiş we ynsanperwe kömek işler üçin 2 hepdeden bäri tagalla edýän Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň hünärmenleri ynsanperwer kömeklerini dowam etdirýär

1175255
Türkiýe Mozambige ynsanperwer kömegini dowam etdirýär

Mozambigiň Gyzylhaç guramasy bilen utgaşykly işleşýän topar öýleri ýykylandygy sebäpli Jynsy basyşlardan ejir çekenlere kömek merkezine syğynan 106 maşgala bilen Beira Waz başlangyç mekdebine syğynan 127 maşgala azyk kömegini berdi.

Türk Gyzyl ýarymaý toparynyň ýolbaşçysy Bora Atlyhan Türkiýäniň Beira ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin bir hepdeden bäri şäherde iş alyp barýandyklaryny nygtap, kömekleriň wagtynda we kömege mätaç bolan adamlara berilýändigini aýtdy.

Mozambikde tupan we sil sebäpli holera epidemiýasyna uçranlaryň sany bolsa 139 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar