Türkiýe Eýrandaky sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

Eýranda iki hepdeden bäri ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda 44 adam ýogalypdy

1174514
Türkiýe Eýrandaky sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

 

Türkiýe Eýrandaky sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Eýranda sil apatynda uly ýitgi çekilmegine gynanç bildirdi.

Beýanatda “Sil apatynda ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Apatdan soň Türkiýe tarapyndan Eýrana gyssagly ynsanperwer kömegi berildi” diýildi.

Eýranda iki hepdeden bäri ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda 44 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar