Przident Erdogan Stambulda saýlawdan soňky ilkinji beýanatyny berdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň 31-nji martdaky ýerli saýlawlaryny demokratik kämillikde geçirendigini aýtdy

1174262
Przident Erdogan Stambulda saýlawdan soňky ilkinji beýanatyny berdi

Erdogan: “Netijelerden hem görülşi ýaly bu saýlawlardan Adalat we ösüş partiýasy 2002-nji ýylyň 3-nji noýabryndan bäri ýene-de uly üstünlik bilen tamamlady” diýdi.

Jemhur arkalaşygynyň şärigi Milletçi hereket partiýasy bilen bilelikde hyzmatdaşlyklar taýdan hem birinji orny eýeländiklerini nygtan Erdogan; “Üstün çykylan we elden giriderilen häkimlikler elbetde boldy. Milletimiziň ygtyýarydyr. Kabul edilmeli” diýdi.

Milletiň ygtyýarynyň ýene-de bir gezek ýokary gatnaşyk mukdary bilen saýlawda beýan tapandygyny nygtan Erdogan, netijeleriň ýurda, millete, şäherlere we mähellelere bähbit getirmegini arzuw etdi.

Prezident Erdogan indi 2023-nji ýyla çenli saýlawsyz tapgyryň başlaýandygyny, öňlerinde ykdysady özgertmeleriň tamamlanmagynyň durýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar