Yragyň demirgazygynda PKK-a degişli ýerlere howa hüjümi guraldy

Terrorçylara garşy Türk ýaragly güýçleri tarapyndan “Pençe” atly howa hüjümi guraldy

1173673
Yragyň demirgazygynda PKK-a degişli ýerlere howa hüjümi guraldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň düşelgelerinde we gaçybatalgalarynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçylara garşy Türk ýaragly güýçleri tarapyndan “Pençe” atly howa hüjümi guraldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň düşelgelerine we gaçybatalgalaryna howa hüjümi guraldy.

Beýanatda “Pençe operasiýasynyň çäginde Yragyň demirgazygyndaky Kandil etrabynda terror guramasy PKK-a degişli düşelgeler we gaçybatalgalar bilen Hakurk we Awaşin-Basýan etraplarynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan terroraçylara garşy 2019-njy ýylyň 30-njy martynda howa hüjümi guraldy we howa hüjüminde ekstremist terror guramasyna degişli ýerler nyşana alyndy we hatardan çykaryldy” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar