Altun: “Döwletimiz terrorçylyga garşy göreşde dessan ýazýar”

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun terrorçylyga garşy göreş barada beýannama berdi

1171851
Altun: “Döwletimiz terrorçylyga garşy göreşde dessan ýazýar”

Altun: “PKK terrorçysy Ryza Altun we ýanyndakylar howpsyzlyk güýçlerimiziň üstünlikli howa operasiýasy bilen derbi dagyn edildi. Döwletimiz terrorçylyga garşy göreşde dessan ýazýar” diýdi

Altun Twitter arkaly Milli howpsyzlyk gullugy bilen Türk ýaragly güýçleriniň bilelikdäki operasiýasynda ekstremist terror guramasynyň ýolbaşçysy Jemil Baýyga iň ýakyn adamlardan biri bolan Ryza Altunyň we ýanyndakylaryň Yragyň Kandil etrabyna guralan howa operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilmegi barada habarnama berdi.

Habarnamada operasiýa baradaky habara-da orun beren Altun: “PKK agyr zarba urduk. Saud Arabystanynyň “Okaz” gtazetiniň 2017-nji ýylda “PKK-nyň daşary işler ministri” hökmünde atlandyran PKK terrorçysy Ryza Altun we ýanyndakylar howpsyzlyk güýçlerimiziň üstünlikli operasiýasy bilen derbi dagyn edildi. Döwletimiz terrorçylyga garşy göreşde dessan ýazýar” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar