Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

Milli Howpsyzlyk geňeşi, Türkiýäniň günorta serhedi boýunça emele getirilmäge synanyşylýan terror koridoryna asla rugsat bermejekdigini nygtady

1167643
Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Maslahatyň ahyrynda ýazmaça beýanat berildi.

Beýanatda, Türkiýäniň günorta serhedi boýunça emele getirilmäge synanyşylýan terror koridoryna asla rugsat bermejekdigi aýan edildi.

Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy göreşini, geçmişde bolşy ýaly gelejekde hem şol güýç-gaýrat we tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigi aýdylýan beýanatda, Siriýanyň Manbij sebitiniň we Ýewfrat derýasynyň gündogarynyň terror guramalaryndan saplanmadan sebitde durnuklylygyň üpjün edilmeginiň we migrasiýany duruzmagyň mümkin bolmajakdygy habar berildi.

Beýanatda, Täze Zelandiýada geçen hepdäniň anna güni metjitlerde guralan we 50 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümiň hem üstünde durulyp geçildi.



Degişli Habarlar