Gresiýanyň Daşary işler ministri iş sapary bilen Antalýa geldi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Daşary işler ministri Georgios Katrougalos bilen duşuşdy

1167957
Gresiýanyň Daşary işler ministri  iş sapary bilen Antalýa geldi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly  iş sapary bilen Antalýa gelen Gresiýanyň Daşary işler ministri Georgios Katrougalos bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Katraugalos özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Gündogar Ortaýer deňiziniň we Kipriň uglowadaron ätiýajy hakynda durup geçen Mewlüt Çawuşogly “Türkiýäni öz içine almaýan haýsydyr bir taslama hakykata laýyk däldir. Türkiýäniň halkara hukuk kadalarynyň çäginde hukuklary bar” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Katrougalos hem “Gündogar Ortaýer deňzinde Türkiýäniň hem hukuklary bar we biz muny bilýäris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar