Içeri işler ministri PKK/PÝD bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, amerikaly generallaryň ekstremist terror guramasy PKK/PÝD bilen nähili gatnaşyklardadygyny öňümizdäki günlerde aýan etjekdiklerini habar berdi

1151505
Içeri işler ministri PKK/PÝD bilen bagly beýanat berdi

Süleýman Soýlu, Trabzonda arçynlaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede eden çykyşynda, terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi. 

Iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli özüleriniň ýatmajakdygyny we durmajakdygyny aýdan Soýlu, ozal daglarda 15 müň terrorçynyň bolandygyny, indi bolsa şol sany 700 çenli aşaklandygyny habar berdi. 

Diňe 2018-nji ýylda gözlenýänleriň sanawynda gyzyl býulletenli bolan 13 terrorçynyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Soýlu, guramanyň Türkiýeden ýokary derejeli ýolbaşçysynyň galmandygyny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar