Ýaş açyjylar Prezidet Erdogan bilen duşuşdylar

Manisaly okuwçylar Goranyş senagatynyň taslamalaryndan ylham alyp taýarlan taslamalaryny Prezident R.T.Erdogana hödürlediler

1150563
Ýaş açyjylar Prezidet Erdogan bilen duşuşdylar

“Kod bilen Manisa” taslamasynyň üstünde işleýän ýaşlar Erdogana; “Siz ýurdumyz üçin tagalla edýäňiz. Bizem mekdepden soň ussahanamyza baryp, maksatnama ýazýarys, robotlaryn üstünde işleýäris we siziň başladan ýerli we milli göçüme goşant goşmak isleýäris” diýdiler.

Erdogan goranyş senagatyndaky taslamalardan ylham alandyklaryny aýdan okuwçylara taslamalaryny iş ýüzüne geçirjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

Erdogan ýerli şertlerde öndürilen uçarmansyz ýaragly we ýaragsyz howa ulaglaryny görenden soň özlerine bolan ynamyň artandygyny beýan okuwçylara; “Hem uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýäris hem-de ýaragsyz howa ulagyny öndürýäris. İndi näme öndürilýär bilýäňizmi? Akynjy öndürilýär. Ajaýyp, uçýan kit” diýdi.

Okuwçylar öz oýlap tapan taslamalaryny gürrüň berdiler.

Kimisi tokaý ýangynlarynyn öňüni alyjy enjam oýlap tapdy, kimisi körleriň durmuşyny ýeňilleşdiriji ulgamlary oýlap tapdy.



Degişli Habarlar