Türkiýe Jammu Kaşmirde guralan terror hüjümini ýazgardy

Bu barada Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi

1145798
Türkiýe Jammu Kaşmirde guralan terror hüjümini ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Jammu Kaşmirde düýn howpsyzlyk gullukçylaryny alyp barýan ulag kerwenine guralan terror hüminde köp adamyň pida bolmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirildi.

Beýannamada: “Pajygaly hüjümi ýazgarýarys. Pida bolan esgerleriň hossarlaryna, Hindistanyň halyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirip, ýaralylara şypa dileýäris. Soňky döwürde Jammu Kaşmirde möwjeýän dartgynlyklara we adam pidalaryna alada bildirip, meseläniň gepleşikler we BMG-niň kararlaryna laýyklykda çözülmegini arzuw edýäris” diýilýär.

“Hindustan Taýms” gazetiniň habarynda Srinagar şäherine barýan ulag kerwenine guralan hüjümde 44 esgeriň pida bolandygy, 20 esgeriň ýogalandygy mälim edilipdi.

İçeri işler müdirliginiň resmisi Muneer Ahmed Han bolsa partlamada bir ulagyň hatardan çykandygyny we ýene-de 5 ulaga zeper ýetendigini beýan edipdi.

Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri köp sanly howpsyzlyk gullukçysyny alyp barýan ulag kerweninde 70 ulagyň bardygyny habar beripdi.

Ýerli metbugatyň habarlarynda hüjümiň jogapkärçiligini Jeýşi Muhammed guramasynyň öz üstüne alandygy mälim edilipdi.

 



Degişli Habarlar