Prezident Erdogan Hytaýyň we Italiýanyň ilçilerini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Hytaý Halk Respublikasynyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Deng Lini kabul etdi

1140841
Prezident Erdogan Hytaýyň we Italiýanyň ilçilerini kabul etdi
massimo gaiani-erdogan.jpg

Prezidentiň kompleksinde bolan kabul edilşikde Hytaýyň ilçisi Deng Li, Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

Deng Liniň aýaly we ilçihananyň käbir işgärleri Erdogana ynanç haty gowşurylanyndan soň ýadygärlik surata düşdiler. 

Prezident Erdogan ondan soň bolsa Iltaliýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Massimo Gaianini kabul etdi. 

Kabul edilşikde ilçi Gaiani Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

Gaianiniň ilçihananyň käbir işgärlerini Erdogan bilen tanyşdyranyndan soň, ýadygärlik surata düşüldi. 

Erdogan Eýranyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammed Farazmandy kabul etdi. 

Kabul edilşikde ilçi Farazmand Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

 

 


Etiketkalar: #Hytaý , #Erdogan

Degişli Habarlar