Türk ýaragly güýçleri Tel Rifady basyp alan terror guramasy ÝPG/PKK garşy hüjüm gurady

“Ýefrat Galkany” operasiýa giňişliginde ornaşan Türk ýaragly güýçlerine degişli gaubisalar Afrin etrabynyň gündogaryndaky Tel Rifatda terror guramasyna degişli pozisiýalara 20-den gowrak hüjüm gurady

1133095
Türk ýaragly güýçleri Tel Rifady basyp alan terror guramasy ÝPG/PKK garşy hüjüm gurady

Türk ýaragly güýçleri Tel Rifatda ornaşan terror guramasyna degişli pozisiýalara düýn 12, öňňin bolsa 5 hüjüm gurapdy.

Araplara degişli bolan Tel Rifat 3 ýyldan bäri terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiliginde.

Gurama Tel Rifatdan başlan Manbije çenli uzap gidýän zolagy “Şabha kantony” hökmünde atlandyrýar.

ÝPG/PKK terrorçylary 2016-njy ýylda Afrinden günorta-gündogara hereket edip, Tel Rifady basyp alypdy.

ÝPG/PKK şeýlelikde bilen Ýefrat derýasynyň gündogarynda basyp alan ýerleri bilen günbatardaky Afrini gury ýerden birleşdirmek üçin galan ýerleri ele geçirmegi nazarda tutýardy.

Terror guramasy ÝPG/PKK Siriýa-Türkiýe serhet ýakasynda üznüksiz häkimiýet giňligini döretmek isleýärdi.

Emma Tel Rifat bilen Manbijiň arasyndaky Bab etraby “Ýefrat Galkany” operasiýasynyň zolagynda ýerleşýär.

Şol sebäpli terror gurmasy Tel Rifat-Manbij arasynda gatnaşygy ýola goýup bilmeýär.

Tel Rifatda we golaýda ýaşaýan 250 müň ilat terror guramasy ÝPG/PKK-nyň hüjümlerinden soň Azaza göçmäge mejbur bolupdy.



Degişli Habarlar