Prezident Erdogan Owgan kärdeşine gynanç bildirdi

Owganystanyň Maýdan Wardak welaýatynda düýn Taliban tarapyndan harby merkeze guralan hüjümde 126 adam ýogalypdy

1130519
Prezident Erdogan Owgan kärdeşine gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Owganystanyň Prezidenti Eşref Gana gynanç bildirdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Erdogan owgan kärdeşine Wardak welaýatynda bolan partlamada ýogalanlar üçin gynanç bildirdi we terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Erdogan ýüzlenmesinde “Jena Prezident, Eziz Doganym, Wardak welaýatynyň merkezi Maýdan şäherde 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda guralan terrorçylykly hüjümde köp sanly owgan howpsyzlyk işgäriniň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirýärin. Hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys. Türkiýäniň terrora garşy göreşde dost we doganlyk Owganystana goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssaly şypa, size, dost we doganlyk owgan halkyna öz halkymyň adyndan gynanç bildirýärin” diýdi.

Owganystanyň Maýdan Wardak welaýatynda düýn Taliban tarapyndan harby merkeze guralan hüjümde 126 adam ýogalypdy.

 

 



Degişli Habarlar