Türkiýe Kolumbiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Polis mekdebine guralan bombaly hjümde hüjümçi bilen birlikde 21 adam ýogaldy

1128292
Türkiýe Kolumbiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda şäheriň günortasynda ýerleşýän Santander polis akademiýasynda 17-nji ýanwarda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirilýändigi ýatladyldy.

Beýanatda “Bu hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Soňky görkezijilere görä, paýtagt Bogotada polis mekdebine guralan bombaly hjümde hüjümçi bilen birlikde 21 adam ýogaldy, 68 adam ýaralandy.

Hüjümde 80 kilogram partlaýjy maddasynyň ulanylandygy aýdylýar.

 

 

 

 


 



Degişli Habarlar