"Howpsyz zolagyň gözegçiligi Türkiýede bolar"

Kalyn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan  ugurlary hakynda metbugata beýanat berdi

1126957
"Howpsyz zolagyň gözegçiligi Türkiýede bolar"

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Siriýa serhedinde dörediljek howpsyz zolagyň gözegçiliginiň Türkiýede boljakdygyny nygtady.

Kalyn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan  ugurlary hakynda metbugata beýanat berdi.

ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek kararyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Ibrahim Kalyn, “Terrora garşy we Türkiýäni nyşana alýan terror guramalaryna garşy ähli taraplaýyn göreşmäge dowam ederis” diýdi.

Prezident R. T. Erdoganyň 23-nji ýanwarda Russiýanyň paýtagty Moskwa gitjekdigini aýdan Kalyn “Prezident Erdogan ABŞ-nyň çekilmek kararyndan soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwa gider. Saparyň çäginde Siriýa meselesi bilen birlikde özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar” diýdi.

 Kalyn “Amerikanyň resmi wekiliýeti geçen hepde bize ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek karary barada 5 maddalyk delo hödürledi. Ykdysady taýdan zarba urmak üçin edilýän hemleler yzada galdy. Biziň üçin S-400 howa goranyş ulgamynyň alynmagy bilen Petriot raketlarynyň alynmagynyň arasynda hiç hili tapawut ýok”diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar