Horwatiýanyň Prezidenti şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geler
Saparyň çäginde Horwatiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar
1126529
Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiç, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde şu gün Türkiýä geler.
Prezidentiň Metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanata görä, saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Horwatiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.
Gepleşiklerde sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.