“Petriot” raketa goranyş ulgamy boýunça ikinji Amerikan wekiliýeti Ankara geldi

Türkiýä 3,5 milliard dollarlyk “Petriot” raketa goranyş ulgamyny teklip eden ABŞ-dan ikinji wekiliýet Ankarada gepleşikler geçirýär

1126322
“Petriot” raketa goranyş ulgamy boýunça ikinji Amerikan wekiliýeti Ankara geldi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden gelen wekiliuýetiň Goranyş senagaty edarasynda gepleşik geçirýändigi habar berildi.

Amerikan wekiliýetiniň 3-nji ýanwarda Ankara guran saparynda gün tertibine getiren 3,5 milliard dollarlykk howa goranyş ulgamynyň satuwy baradaky teklibi tehniki topar tarapyndan seljerilýär.

Gepleşiklerde amatly karz, tehnologiýanyň tranfer edilmegi we bilelikdäki önümçilik ýaly talaplaryň gün tertibine geljekdigi habar berildi.

ABŞ-nyň Döwlet Sekretarlygynyň tassyklamagyndan soň ýaňadandan gün tertibine gelen “Petriot” howa goranyş ulgamy jemi 140 say raketadan we degişli enjamlardan ybarat.



Degişli Habarlar