"Howpsyz zolak döretmek pikiri Trampa däl, Türkiýä degişli”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýada howpsyz zolak döretmek pikiriniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa däl, Türkiýä degişlidigini aýtdy

1125231
"Howpsyz zolak döretmek pikiri Trampa däl, Türkiýä degişli”

Ministr Çawuşogly Lýuksemburgyň Daşary işler we Ýewropa ministri Ýan Asselborn bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Beýanatynda Trampyň “Siriýanyň demirgazygynda 30 kilometr giňiliginde howpsyz zolak” sözleri barada durup geçen Çawuşogly; “30 kilometr howpsyz zolak boýunça ABŞ-dan teklip gelmedi, emma ol ABŞ-nyň pikiri däl. Ol hormatly Przidentimiziň ähli ýewropalylara hödürlän teklidi, ruslaram şoňa degişli. Her duşuşykda gün tertibine getirdik. Obama muny hakykata laýyk görmeýärdi. Bahanalar bilen biziň pikirimizi goldamadylar. İndi Türkiýäniň ygrarlydygyny görüp, şol pikiri öňe sürdüler” diýdi.

Siriýadan çekilme meselesinde Trampa uly basyş edilýändigine ünsi çeken Çawuşogly; “ABŞ-nyň howpsyzlyk güýçleri Siriýadan çekilmezlik üçin Trampa basyş edýär” diýdi.

Trampyň içerki syýasat bilen baglylykda sosial media arkaly Türkiýä garşy beýanatlary barada-da durup geçen Çawuşogly; “Strategik hyzmatdaşlar sosial medi arkaly gepleşmezler. Aragatnaşyk ulgamlarymyz elmydama açyk. Biz haýsydyr bir abaý-syýasatdan gorkmajakdygymyzy beýan etdik. Ykdysady hemle bilen hiç ýere ýetilmez” diýdi.

Sebitde kürtleriň esasy dostunyň Türkiýedigini nygtan Çawuşogly, kürtler bilen terrorçylaryň birdigini öňe sürüp, hiç hili netije alynmajakdygyny, ony amerikalylara we ýewropalylara elmydama ýatladýandyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar