Kalyn, Jon Boltonyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň resmi wekiliýeti bilen duşuşdy

Amerikanyň resmi wekiliýeti ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi etaby hakynda Türkiýä maglumat berer

1121418
Kalyn, Jon Boltonyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň resmi wekiliýeti bilen duşuşdy

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn iş sapary bilen Ankara gelen Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Boltonyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň resmi wekiliýeti bilen duşuşdy.

Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi we 2 sagat 10 minut dowam etdi.

Ibrahim Kalynyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýetinde Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal, Milli Goranmak ministriniň orunbasary Ýunus Emre Karaosmanogly bilen Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Jemalettin Çelik ýer aldy.

Jon Boltonyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň resmi wekiliýetinde bolsa Baş ştabyň başlygy Dunford, Ak Tamyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Jeffrey bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar ýer alýar.

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler hem şu gün kärdeşi Dunford bilen duşuşar.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Amerikanyň resmi wekiliýetini kabul eder.

Amerikanyň resmi wekiliýeti ABŞ-nyň Siriýadan çekilmegi etaby hakynda Türkiýä maglumat berer.

Şol çäkde Türkiýe, ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a beren ýaraglarynyň yzyna alynmagy baradaky talabyny ýene-de bir gezek gün tertibine getirer

Gepleşiklerde terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar

 

 

 

 



Degişli Habarlar