Erdogan Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1121032
Erdogan Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar barada pikir alyşyldy.

Liderler Türkiýe bilen Wenesuelanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürmek baradaky isleglerini nygtadylar.

Prezident Erdogan Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Maduro 10-njy ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasyna çakylygy üçin sagbolsun aýtdy.

İşleriniň köplügi sebäpli çakylyga gatnaşyp bilmejekdigini beýan eden Erdogan, kasam ediş dabarasynda Türkiýä Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň wekilçilik etjekdigini aýtdy.

Erdogan Türkiýäniň Wenesuelanyň durnuklylygyna, asudalygyna we abadançylygyna uly ähmiýet berýändigini hem beýan etdi.



Degişli Habarlar