Amerikan weliliýeti FETÖ derňewi işi boýunça pikir alyşmak üçin Türkiýä geldi

Türk we amerikaly resmiler FETÖ bilen bagly derňew işleriniň çäginde düýn Ankaranyň Adalat köşkünde duşuşdylar

1119177
Amerikan weliliýeti FETÖ derňewi işi boýunça pikir alyşmak üçin Türkiýä geldi

Şol ýerdäki duşuşyga Terrorçylykly jenaýatlary derňew bölüminden jogapkär Ankaranyň Prokurorynyň wekili Ramazan Dinç, şol bölümiň prokurory Ali Alper Saýlan, Adalat ministrliginiň hünärmenleri bilen Federal derňew ofisiniň resmileriniň gatnaşmagyndaky Amerikan wekiliýeti gatnaşdy.

Wekiliýetler 11 sagatdan gowrak işlediler.

İşin bir bölüminde FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň dowamynda Akynjy harby howa bazasynda bolandygy anyklanan we tussaglykda saklanýan guramanyň “harby bolmadyk ymamlaryndan” Kemal Batmaz žandarm tarapyndan kazyýet zalyna getirildi.

Batmaza käbir soraglar soraldy.

Batmazyň käbir soraglara “bu barada geplemek isleýärin” diýip jogap beren duşuşygyndan soň ýene-de iki adamyň wideo şekilli düşündirişiniň alynandygy öwrenildi.

Şol duşuşyklar bilen Amerikan wekiliýetiniň FETÖ derňew işleri boýunça ministrlik derejesindäki toparara duşuşyk sany 6-a ýetdi.

 



Degişli Habarlar