Adalat ministri FETÖ bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Adalat ministri Abdülhamit Gül, FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna gaýtarylyp berilmegi babatynda, ABŞ-den bir wekiliýetiň Türkiýä geljekdigini habar berdi

1116148
Adalat ministri FETÖ bilen bagly beýanat berdi

Abdülhamit Gül: “FETÖ bilen baglanşykly orta çykaran täze subutnamalarymyzy ABŞ bilen paýlaşýarys. ABŞ-de häzirki wagtda hem Prokuraturada hem-de administratiw derňew geçirilýär. Bu mesele bilen bagly olar hem derňew geçirýär. Öňümizdäki aýdan başlap, amerikaly resmiler gelmäge başlar. Kanuny raýdaşlygyň çäginde saparlar guralar. Hukuk döwletine ýaraşjak ýagdaýda terror guramanyň bu ýolbaşçysyny yzyna gaýtaryp berjekdigine ynanýarys” diýdi.

Adalat ministri Abdülhamit Gül, telewideniýe gepleşikleriniň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soragalara jogap berdi.

Abdülhamit Gül, Fetullah Güleniň ABŞ tarapyndan başga bir ýurda iberilmek islenen halatynda Türkiýäniň pozisiýasynyň nähili boljakdygy bilen bagly soraga, bu ýurdyň 251 raýatyny şehit eden, mejlisini bombalaýan, Prezidentiniň janyna kast etmäge synanyşan, Konstitutsiýany ortadan aýyrmaga synanyşan bu terror guramanyň ýolbaşçysyna garşy nirä gitse gitsin, Türkiýäniň göreşiniň dowam etjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar