Türkiýe Telafer etrabynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Telaferiň etrap merkezinde bomba ýüklenen ulagyň ýarylmagy netijesinde 2 adam ýogalypdy, 13 adam ýaralanypdy

1113783
Türkiýe Telafer etrabynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Yragyň Mosul welaýatynyň Telafer etrabynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Mosul welaýatynyň Telafer etrabynda guralan bombaly hüjümde ýogalanlara we ýaralananlara uly gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýanatda “Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys, Telaferli türkmen doganlarymyzyň başda durmagynda doganlyk yragyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris, Türkiýe Yragyň terrora garşy alyp barýan göreşine we ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi baradaky tagallalaryna goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

Yrakda türmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Telaferiň etrap merkezinde bomba ýüklenen ulagyň ýarylmagy netijesinde 2 adam ýogalypdy, 13 adam ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar