" ABŞ öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirdi"

Prezident Erdogan metbugata beýanat berdi

1113308
" ABŞ öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirdi"

Prezident R. T. Erdogan esgerlerini Siriýadan yzyna çekmek barada karar kabul eden ABŞ-nyň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirendigini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan TBMM-de partiýasynyň mejlis toparynda eden çykyşyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan žurnalistleriň Amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmegi baradaky soragyna “ABŞ öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirdi, emma Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň beýanaty bolsa tapawutly. Biz Jenap Trampyň beýanatyna esaslanýarys we onuň bilen bu etapdaky hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirýäris. Egindeşlerimiz gysga wagtda Russiýanyň paýtagty Moskwada saparda bolar we şol saparyň netijesine görä, men Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşaryn” diýip jogap berdi



Degişli Habarlar