Türkiýäniň we Eýranyň Prezidentleri duşuşdylar

Paýtagt Ankara düýn agşam gelen Eýranyň lideri üçin resmi garşylama dabarasy geçirildi

1110573
Türkiýäniň we Eýranyň Prezidentleri duşuşdylar

 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhanini Prezidentiň Kompleksiniň esasy girelgesinde garşylady.

Erdoganyň we Ruhaniniň dabara meýdançasyndaky ýerlerine geçmeklerinden soň iki ýyrdyň milli senalary ýaňlandy, 21 gezek top atyldy.

Myhman lider, Gwardiýa polky bilen “Salam esger” diýip salamlaşdy. Dabarada taryhda gurulan 16 türk döwletine wekilçilik edýän baýdaklar we esgerler hem bardy.

Iki ýurdyň wekiliýetleriniň tanyşdyrylmagyndan soň, Erdogan we Ruhani merduwanda Türkiýäniň we Eýranyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler.

Ikiçäk duşuşyk geçirileninden soň Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty geçiriler.

Ylalaşyklaryň gol çekilşik dabarasyndan soň, Erdogan we Ruhani umumy metbugat ýygnagyny geçirerler.

Prezident Erdogan myhman lideriň hormadyna resmi günortan naharyny berer.

Iki lider, nahardan soň Çankaýa köşgünde geçiriljek Işewürler forumyna gatnaşarlar.

Garşylama dabarasyna Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Ankaranyň gubernatory Wasip Şahin, Goranyş senagatynyň başlygy Ismail Demir gatnaşdylar.



Degişli Habarlar