ABŞ Türkiýä Patriot howa we raketa goranyş ulgamlaryny satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Türkiýä gymmaty 3,5 milliard dollar bolan Patriot howa we raketa goranyş ulgamlarynyň satylmagyny tassyklady

1109572
ABŞ Türkiýä Patriot howa we raketa goranyş ulgamlaryny satar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Türkiýä gymmaty 3,5 milliard dollar bolan Patriot howa we raketa goranyş ulgamlarynyň satylmagyny tassyklady.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň çäginde iş alyp barýan Goranyş howpsyzlyk hyzmatdaşlygy gullugy ady agzalýan satuw barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda “Döwlet sekretarlygy gymmaty 3,5 milliard dollara barabar bolan 80 MIM-104 E Patriot raketasy, 60 Ýokary ukyply Patriot-3 (PAC-3) raketasy bilen degişli enjamlaryň satylmagyny tassyklady. Goranyş howpsyzlygy hyzmatdaşlygy gullugy şol satuw barada şu gün Kongrese maglumat berdi” diýildi.

Beýanatda ady agzalýan goranyş bukjasynda 4 An/MQP-65 radar ulgamy, 4 gözegçilik ulgamy, 20 M903 uçuruş bekedi ýaly dürli enjamlaryň bardygy nygtaldy.

Beýanatda ady agzalýan satuwyň “Howa we raketa howpuna garşy ýüz öwürdiji ukubyna eýedigi sebäpli şol satuw Türkiýäniň, NATO-nyň we Ýewropanyň parahatçylygyny we howpsyzlygyny üpjün eder” diýildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçysy hem mesele barada beren beýanatynda “Türkiýe howa we raketa goranyş ukubyny ösdürmek, territorial bitewiligini goramak we sebitara howplaryň öňüni almak üçin Patriot ulgamlaryny ulanar. Ady agzalýan satuw Türk ýaragly güýçleriniň düşman hüjümlerine garşy öz serhetlerini we NATO agza ýurtlary goramak ukubyny artdyrar” diýdi.



Degişli Habarlar